“San Siro” ýa-da “Juseppe Meazza”

Futbolyň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Italiýanyň Milan şäherindäki “San Siro” ýa-da “Juseppe Meazza” stadiony tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Ýurduň iň meşhur 2 klubunyň, ýagny “Milan” bilen “Interiň” ýerli duşuşyklaryny geçirýän bu stadionyň gurluşygy binagärler Kugini hem-de Stakkininiň ýolbaşçylygynda 1925-nji ýylyň dekabrynda başlap, ol 1926-njy ýylyň sentýabrynda tamamlanýar. Açylyş duşuşygynda “Inter” topary “Milany” 6-3 hasabynda ýeňýär. Ilki-ilkiler stadionyň eýeçiligi diňe “Milan” klubuna degişli bolýar. 1935-nji ýylda bolsa stadionyň doly eýeçiligi şäheriň häkimiýetine geçýär. 1947-nji ýyldan başlap, “Inter” topary-da ýerli duşuşyklaryny bu stadionda geçirip ugraýar. Stadionda 1935-nji, 1955-nji, 1987-90-njy hem-de 2015-16-njy ýyllarda abatlaýyş işleri geçirilýär. Häzirki wagtda stadionyň tomaşaçy möçberi 75 müň 817 orunlyk, bolup, ol 80 müň 18 tomaşaça çenli hem çykarylýar.

“Derby della Madonnina” derbisiniň (“Milan” bilen “Interiň” arasyndaky derbi duşuşygy) geçirilýän bu stadionynda “Milan” ýer eýesi bolanda olaryň, “Inter” ýer eýesi bolanda-da, gök-gara reňkdäki toparyň janköýerleriniň sany köpelýär. Ýagny beýleki stadionlarda bolşy ýaly, myhmançylykdaky toparyň janköýerlerine niýetlenen mukdarda tomaşaçy kabul edilýär.

1980-nji ýylda stadiona “Milanda” hem-de “Interde” oýnan meşhur futbolçy (“Interde” 14 ýyl oýnaýar, 3 ýyl tälimçi bolýar) “Juseppe Meazzanyň” ady dakylýar. UEFA-nyň 4-nji derejeli, ýagny iň ýokary kategoriýadaky stadionlarynyň biri bolan bu desga resmi däl ýagdaýda “interliler” üçin “Juseppe Meazza”, “milanlylar” üçin bolsa “San Siro” diýlip atlandyrylýar.

Meýdançasynyň ölçegi 108×68 metre deň bolan stadionyň ýaşyl örtügi azda-kände emeli fiber ot bilen garyşdyrylan hakyky otdur.

“San Siro”-da FIFA Dünýä Kubogynyň 1934-nji ýylda 3, 1990-njy ýylda-da 6 duşuşygy, şol sanda 1980-nji ýylda-da Ýewropa çempionatynyň 3 duşuşygy geçirilýär. UEFA Çempionlar Ligasynyň 1965-nji, 1970-nji, 2001-nji hem-de 2016-njy ýyllardaky final duşuşyklary-da “San Siro”-nyň ýaşyl meýdançasynda oýnalýar. Italiýanyň milli ýygyndysy 2021-nji ýyla çenli bu stadionda oýnan ýeke duşuşygynda hem ýeňilmeýär. Şonda UEFA-nyň Milletler Ligasynyň ýarym finalynda Ispaniýadan utulan Italiýanyň milli topary 2024-nji we 2025-nji ýyllarda-da, ýene-de şol ýaryşyň çäginde, degişlilikde Fransiýadyr Germaniýadan hem asgyn gelýär.

“San Siro”-da 1960-njy ýylda boks, şol sanda 1988-nji we 2009-njy ýyllarda regbi duşuşyklary hem geçirilýär. Stadionda Bob Dilan, Maýkl Jekson, U2, The Rolling Stones, Madonna, Muse, Bon Jovi, One Direction, Beýonse, Coldplay, Ed Şiran, Elton Jon, Teýlor Swift ýaly aýdym-saz äleminiň ägirt aýdymçydyr toparlary dürli ýyllarda konsertler bilen çykyş edýär.

Stadionda geljek ýylyň başynda guraljak gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler. Ýöne öňümizdäki 5-6 ýyllykda bu taryhy desga, ençeme ýatdan çykmajak futbol oýunlarynyň janly şaýady bolan “San Siro” stadiony ýykylar. Sebäbi klublaryň ikisi-de täze stadionyň gurulmagy üçin köp wagtdan bäri tagalla edýärler. Täze stadionyň EURO 2032-ä taýýar boljakdygy bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, 2032-nji ýylda Ýewropa çempionaty Italiýa hem-de Türkiýede geçiriler.

Ýaňy ýakynda Milan şäheriniň häkimliginiň mejlisinde geçirilen ses berlişikde, stadionyň hem-de onuň daş-töweregindäki belli mukdardaky ýer böleginiň 2 kluba satyljakdygy barada karar kabul edildi. “La Gazzetta dello Sport”-yň habar bermegine görä, Italiýanyň salgyt edarasy stadionyň nyrhyny 197 million ýewro diýip kesgitledi we netijede, 22 million ýewrolyk arzanladyşyň boljakdygyny mälim etdi. Mesele çykmadyk ýagdaýynda satuwyň 40 günüň dowamynda amala aşyryljakdygyny gazet habar berýär. Klublaryň ikisi-de ýerli häkimiýetiň gelen netijesinden hoşal bolup, toparlaryň ýolbaşçylary bu wakanyň şäher üçinem, klublaryň ikisi üçinem taryhy ädimdigini beýan etdiler. Häzirki wagtda klublaryň ikisi-de “San Siro” stadionynyň ýerinde täze stadionyň gurluşygy üçin dürli işleri alyp barýarlar. Klublaryň bilelikdäki beýanatynda, döwrebap, halkara standartlara doly laýyk gelýän, ýaňadandan şäheriň nyşanyna öwrüljek hem-de dünýädäki futbol janköýerleriniň hyjuw bilen geljek mesgeni bolan stadionyň guruljakdygy bellenilýär.

Paýtagtyň bezegi “Stadio Olimpico”

Italiýada “San Siro”-dan başga hem 2 klubuň paýlaşýan stadionlary bar. Şolaryň biri Rimdäki “Olimpico” stadionydyr. 70 müň 634 janköýer orunlyk stadionyň 2 ýer eýesi bolup, olar “Roma” hem-de “Lasio” klublary. “San Siro”-dan soň ýurduň iň uly 2-nji stadiony bolan “Stadio Olimpico”-nyň gurluşygyna 1928-nji ýylda badalga berilýär. Stadionyň gurluşygy 1953-nji ýylda tamamlanýar. Şol aralykda stadion 2-nji Jahan urşy ýyllarynda dürli maksatlar üçin hem ulanylýar. 1955-nji ýylda ady “Olimpico” diýlip goýlan stadionda 1960-njy ýylda tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary, şol sanda Olimpiadanyň çägindäki ýeňil atletika, atçylyk ýaryşlary geçirilýär. Ozalky atlary “Stadio dei Cipressi” hem-de “Stadio dei Centomila” bolan stadion häzirki wagtda “Sport e Salute” atly sport ýaryşlaryny guraýan döwlet şereketiniň eýeçiligindedir. Häzirki wagtda “Roma” bilen “Lasionyň” ýa-da “Lasio” bilen “Romanyň” arasyndaky futbol duşuşyklary hemişe diýen ýaly alawly, dartgynly ýagdaýda geçýär.

Paýtagtyň bu ajaýyp desgasynda diňe futbol duşuşyklary geçirilmän, eýsem regbi boýunça ýaryşlar guralýar. Olimpiýa stadiony bolany üçin wagtal-wagtal ýeňil atletika ýaryşlary-da geçirilýär. Şol sanda stadion meşhur aýdymçylaryň konsertlerini hem kabul edýär.

Stadionda 1987-90-njy ýyllar aralygynda Dünýä Kubogy üçin ýörite bolmak bilen umumylykda 2 gezek abatlaýyş işleri geçirilýär. Şol ýyllarda tribunalaryň üsti üçek bilen ýapylýar we häzirki durkuny alýar.

Gapdalynda esasan hem ýeňil atletika ýaryşlarynyň türgenleşikleri üçin kiçeňräk stadion ýerleşip, “Olimpico”-nyň 105×68 metr ölçeglerdäki ýaşyl meýdançasy hakyky ot bilen örtülendir.

Stadionda EURO 1968-iň finaly oýnalyp, Italiýanyň ýygyndysy şol wagtky Ýugoslawiýanyň ýygyndysyny ýeňýär we yklymyň çempionlygyny gazanýar. 1980-nji ýylda-da Ýewropa çempionatynyň, 1990-njy ýylda-da Dünýä Kubogynyň finaly bu stadionda oýnalýar we ikisinde-de Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy kubogy asmana göterýär. Umumylykda Dünýä Kubogy 1990-nyň 6, şeýle-de Ýewropa çempionatlarynyň çäginde 11 duşuşyk (EURO-1968-1980-2020) oýnalýar. UEFA Çempionlar Ligasynyň 4 final duşuşygy geçirilip (1977, 1984, 1996, 2009), şolaryň 2-sinde “Liwerpul” çempionlyk gazanýar. 1984-nji ýylda “Liwerpul” bu stadionda ýer eýesi “Romadan” üstün çykýar.

Häzirki wagtda “Roma” bilen “Lasio” toparlary-da täze stadion gurmagy meýilleşdirýärler. Ýöne bu gezek olaryň hersi aýratyn stadiony göz öňünde tutup, Roma täze 55 müň orunlyk stadionynyň gurluşygyna şu ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň başlarynda badalga bermekçi bolýar. 2028-nji ýylda gurluşygy tamamlamagy maksat edinýän klubuň ýolbaşçylary bu desga üçin 1 milliard ýewrolyk maliýe serişdesini goýberer.

Italiýadaky beýleki şärik stadionlar

“San Siro” hem-de “Stadio Olimpico” stadionlaryndan başga-da Genue şäherindäki “Stadio Luigu Ferraris” Rejjo-nel-Emiliýa şäherindäki “Mapei Stadium – Citta del Tricolore” stadionlarynyň 2 kluby bar. 33 müň 205 orunlyk “Stadio Luigi Ferraris” stadionynda “Jenoa” hem-de häzirki wagtda “Serie B”-de bolan “Sampdoriýa” klublary öz ýerli duşuşyklaryny geçirýärler. 23 müň 717 janköýeri sygdyryp bilýän “Mapei Stadium – Citta del Tricolore” stadiony bolsa “Sassuolo” bilen “Serie B”-niň başga bir kluby “Rejjana” toparlarynyň öýi hasaplanýar.

1990-2006-njy ýyllar aralygynda “Ýuwentus” bilen “Torino” klublary-da meşhur “Delli Alpi” stadionyny paýlaşypdylar. Werona şäherindäki “Stadio Marcantonio Bentegodi” stadionynda 1963-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli “Werona” bilen “Kiewo” klublaryna degişlidir. Ýöne mundan 4 ýyl ozal “Kiewo” toparynyň ýapylmagyndan soň stadionda häzirki wagtda diňe “Werona” öz duşuşyklaryny geçirýär. Ýeri gelende, “Kiewo” topary geçen ýylyň maý aýynda täzeden esaslandyrylsa-da, “Serie D”-de çykyş edýän topar şäherdäki başga bir stadionda öz duşuşyklaryny oýnaýar.

Dünýäniň beýleki ýurtlarynda

Dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da 2 hatda 3 klubuň 1 stadiony paýlaşýan ýerleri hem bar. Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ýurtlaryndan Italiýadan galan ýerde stadiony paýlaşýan uly klublar ýok. Angliýada, Germaniýada, Fransiýada, Ispaniýada her klubuň özüne mahsus stadiony bar. Germaniýada Münhen şäheriniň 2 wekili “Bawariýa” bilen şu wagtlar 3-nji liga wekilçilik edýän “1860 Münih” toparlary irki döwürlerde şäherdäki meşhur “Olympiastadion”-y paýlaşýardy. Hatda “Bawariýanyň” häzirki stadiony “Allianz Arena”-da hem “1860 Münih” topary 2005-2017-nji ýyllar aralygynda ýerli duşuşyklaryny oýnapdy.

Awstriýanyň Gras şäherindäki “Liebenauer” stadionynyň hem 2 eýesi bar. “Merkur Arena” diýilýän 16 müň 364 orunlyk bu kiçi desgany ýurduň belli klublaryndan “Şturm Gras” bilen o diýen şöhratly bolmadyk “Graser AK” (gysgaça GAK diýilýär) toparlary paýlaşýar. 1995-97-nji ýyllar aralygynda gurluşygy tamamlanan stadion 2005-nji ýyla çenli şu şäheriň golaýynda dünýä inen Arnold Şwarsaneggeriň adyny göteripdi.

Braziliýada dünýä belli “Maracana” stadionynda “Flamengo” bilen “Fluminense” klublary öz duşuşyklaryny geçirýär. Wagtal-wagtal bu klublara “Botafoga” bilen “Wasko da Gama” klublary hem goşulýar.

Meksikadaky meşhur “Estadio Azteca”-da “Klub Amerika” bilen “Kruz Azul”, Müsüriň paýtagty Kairdäki Halkara stadion esasan “Al Ahli” toparyna degişli bolsa-da, olaryň gadymy bäsdeşi “Zamalek” kämahal esasy oýunlary üçin 74 müň orunlyk bu desgany saýlaýar. Saud Arabystanynda-da şärik stadionlardan Jiddadaky “King Abdullah Sports City” desgasynda “Al-Ahli”, “Al-Ittihad”, Er-Riýaddaky “King Fahd Sports City” stadiony “Al Hilal”, “Al-Şabab”, “Al-Nassr” klublary belli bir döwürde paýlaşyp ulandylar.

Şeýle-de, ABŞ-daky stadionlaryň köpüsini şol şäheriň futbol, amerikan futboly klublary paýlaşýarlar. Şol sebäpli ABŞ-nyň stadionlarynyň köpüsinde ýaşyl meýdançalarda iki oýnuň düzgünlerine degişli ak çyzyklar bolup, geçen tomusda geçirilen Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda ýewropaly futbolçylar wagtal-wagtal oňaýsyz pursatlary başdan geçiripdiler.

Gazetiň sport synçysy