Iki re­kord goý­dy

146

Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şäherindäki Tä­ze ýyl ar­ça­sy iki re­kord goý­dy. De­kabr aýy­nyň ba­şyn­da gur­lan agaç 600 müň­den gow­rak çy­ra­jyk bi­len be­ze­lip, çür­ba­şyn­da uzyn­ly­gy üç metr­den geç­ýän gar toz­ga­jy­gy­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­lip­dir. Bu iki ugur­dan bol­sa, Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­rizi­lip­dir. Be­ýik­li­gi 30 met­re ýet­ýän «Tü­ke­nik­siz kris­tal agaç» at­ly ar­ça 2011-nji ýyl­dan bä­ri gu­rul­ýar. Ar­ça şä­he­riň iň köp adam­ly ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan «Univer­sal Stu­di­os Ja­pan» se­ýil­gä­hi­niň öňün­de ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ar­ça­nyň tö­we­re­gi hem dür­li yşyk­lar bi­len be­ze­lip, ag­şa­ma­ra bu ýe­re gel­ýän­ler­de uly tä­sir gal­dyr­ýar. Bu ýer­de dür­li reňk­li yşyk­lar bi­len gör­ke­zil­ýän ja­dy­laý­jy şe­kil­le­riň «çy­ky­şy» saz bi­len ut­ga­şyp, to­ma­şa­çy­la­r­da uly tä­sir gal­dyr­ýar. Bu şow­hun her on mi­nut­dan bir ge­zek gaý­ta­lan­ýar. Gün ýa­şan­dan baş­la­ýan bu çy­kyş tä güý­men­je se­ýil­gä­hi ýa­pyl­ýan­ça – giç ag­şa­ma çen­li do­wam ed­ýär. Onuň tö­we­re­gi he­mi­şe şow­hun­ly bol­ýar. De­kab­ryň ba­şyn­da gur­lan ar­ça 9-njy ýan­wa­ra çen­li açyk bol­ýar.

Ma­ýa­gö­zel GÜ­JÜK­BA­ÝE­WA,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.