Bolgariýada soňky iki ýylyň içinde bäşinji gezek parlament saýlawlary geçirildi. Deslapky maglumatlara görä, hökümeti gurmak üçin koalisiýa gurulmaly bolar. Düýn geçirilen saýlawyň netijelerine görä, azyndan 5 syýasy partiýa 4 göterimden köp ses alyp, parlamente girmäge hukuk gazandy.
240 agzasy bolan ýurduň milli parlamentinde partiýalaryň hiç biri ýekelikde hökümeti düzüp biljek köplüge ýetip bilmedi. “Gallup International” reýting şereketiniň maglumatlaryna görä, sagçy Üýtgeşmä dowam – Demokratik Bolgariýa (PP-DB) koalisiýasy 25,3 göterim ses alyp, iň köp deputat bilen wekilçilik ediler. Ýurduň ozalky hökümet başlygy Boýko Borisowyň ýolbaşçylyk edýän Bolgariýanyň Ýewropaly ösüşi üçin raýatlar (GERB) partiýasy 24,7 göterim ses aldy. Ýurduň Merkez saýlaw komissiýasy saýlawa gatnaşygyň 40 göterim bolandygyny mälim edip anyk netijeleriň 7-nji aprelde aýan ediljekdigini mälim etdi.
Saýlawlarda Hak we azatlyklar hereketi 13,1 göterim ses aldy. Şeýlelikde, bu partiýanyň parlamentde 38 deputatynyň bolmagyna garaşylýar. Bu partiýa, esasan, ýurduň türk we musulman raýatlary goldaw berýär. Partiýanyň mundan ozalky saýlawda 36 deputaty bardy. Bolgariýanyň populist Wyzraždane (Täzeden dogluş) partiýasy 14,2 göterim ses aldy. Partiýa mundan ozalky saýlawda 10 göterim ses alypdy.
Bolgariýanyň Sosýalist partiýasy (BSP) 9,9 göterim ses alyp, parlamente girmäge hukuk gazandy.
Populist wäşi Slawi Trifonowyň ýolbaşçylyk edýän Şeýle bir halk bar (ITN) partiýasy hem 4 göterim ses aldy.
Soňky iki ýyldan bäri syýasy partiýalar hökümet düzüp bilmändikleri sebäpli Prezident Rumen Radewiň bellän wagtlaýyn hökümetleri tarapyndan dolandyrylýar.
Prezident Radew täze parlamentiň açylyşyny iň gysga wagtda aýan etjekdiklerini aýtdy.