BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşde dört sany ileri tutulýan ugry teklip etdi. Ol bu barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň howa we howpsuzlyk boýunça mejlisinde eden çykyşynda:
– Pariž şertnamasynyň maksatlaryny amala aşyrmak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak üçin tagallalarymyzy birikdirmelidiris. XXI asyryň ortalaryna çenli zyýanly gazlaryň nol derejesini gazanmak üçin global bileleşik döretmeli – diýip belledi.
Şeýle-de Antonio Guterreş BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň noýabr aýynda Glazgoda guraljak maslahatyndan öň agza ýurtlaryň global howa hereketlerine ägirt uly goşant goşmalydygyny aýtdy. Ol global derejedäki zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny 2010-njy ýyldaky derejesinden 2030-njy ýyla çenli 45 göterim azaldylmalydygyny öňe sürdi.
Ikinjiden, Baş sekretaryň belleýşi ýaly, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşde maýa goýumlaryň mukdaryny köpeltmek zerurdyr.
Üçünjiden, Guterreş adamy hemme zatdan ilerde goýýan howpsuzlyk Konsepsiýasyny kabul etmegiň zerurdygyny öňe sürdi. Onuň bellemegine görä, bu parahatçylygy goramaga we gapma-garşylyklaryň howpuny azaltmaga ýardam berer.
– Dördünjiden, biziň BMG ulgamyndaky hyzmatdaşlygymyzy we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmagymyz zerurdyr. Parahatçylyk dörediji toparlar, halkara maliýe guramalary, sebit guramalary, raýat jemgyýetleri, hususy pudaklar, ylmy gurnaklar ýaly dürli edaralaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp, olara goldaw bermelidiris – diýip, Guterreş sözüni jemledi.