“Mercedes-Benz” kompaniýasy ilkinji batareýaly sedan ulagyny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. Ulagyň bir gezekki zarýady bilen 770 kilometre ýol geçip biljekdigi bellenilýär. Ulagyň iki görnüşi bolup, olaryň biriniň batareýasy 108 kW/sagat, beýlekisiniň 90 kW/sagat bolar. Kiçi batareýaly ulag bir gezekki zarýady bilen 640 kilometr ýol geçer. Elektroulaglar “EQS 450” hem-de “EQS 580” ady bilen hödürlener. “EQS 450”-iň kuwwaty 330 at güýjüne, “EQS 580 4MATIC” atly nusgasynyň kuwwaty 525 at güýjüne barabar bolup, dört tigri bir wagtda aýlanar. Ulagyň ýokary tizligi sagatda 210 kilometr bilen çäklendirilipdir. 15 minutlyk zarýad ulagyň 300 kilometr ýol geçmegi üçin ýeterlik bolar. Ulagyň iç tarapynda çyzylmaga garşy goralan üçin sany uly panel ýerleşdirilipdir. EQS atly elektroulagyň içi “MBUX Hyperscreen” atly dizaýn bilen bezelipdir.