Ilkinji gezek 3 duşuşykda-da ýeňiş gazandy

17

Demirgazyk Amerikada dowam edýän 23-nji Dünýä Kubogynda toparçalardaky 3-nji duşuşyklara badalga berildi. “A” toparçada 1/16 finala ozal çykan Meksikanyň ýygyndysy Çehiýany esasy düzümdäki käbir oýunçylaryna dynç berendigine garamazdan, 3-0 hasabynda utdy. Meksikanyň gollaryny 55-nji minutda Mateo Çawes, 61-nji minutda Kuinýones hem-de 90+4-nji minutda Fidalgo geçirdi. Oýnuň 78-nji minutynda meşhur derwezeçi Gillermo Oçoa meýdança girdi. Ol 6-njy gezek Dünýä Kubogyna gatnaşyp, şolarda 5-nji gezek meýdança çykdy. Meksikanyň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek toparçadaky 3 duşuşygynda-da ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. Çehler bolsa çempionat bilen hoşlaşdylar.