Häzirki wagtda dünýäniň köp ýerinde hepdede iki gün dynç günleri, bäş gün iş güni hasaplanýar. Tehnologiýanyň ösmegi hem-de 2020-nji ýylda ýüze çykan “COVID-19” pandemiýasy uzak aralykdan işlemek usulynyň kämilleşdirilmegine getirdi. Bu ýagdaý köp ýurtda pandemiýadan soňra hem dowam etdirildi. Eýsem, ilkinji bolup hepdede bir gün dynç almak pikiri kimiň kellesine geldikä?
321-nji ýylyň 7-nji martynda Rim Imperatory Konstantin I hepdäniň soňky gününi resmi ýagdaýda dynç güni diýip yglan etdi. Bu baradaky buýrukda ähli şäher ilatynyň hepdäniň ýekşenbe güni dynç almalydygyny bellenilipdi. Buýrukda oba ilatynyň dynç alyp, almazlygy bolsa, özlerine baglydy. Şol ýylyň 3-nji iýulynda dynç gününiň şadyýan geçirilmegi barada ýene bir buýruk çykarylýar. Şondan soňra Hristian dünýäsinde ýekşenbe günleri hepdelik dynç güni diýlip kabul edilýär.
Geçen asyryň başlaryna çenli günbatar ýurtlarynda hepdelik dynç güni şenbe güni öýleden soňra başlap, ýekşenbe güni hem dynç güni bolýar. Ýagny hepdelik dynç güni 1,5 gün bolýar. 1933-nji ýylda ABŞ-da şenbe güni hem dynç güni diýlip kabul edilýär. Şeýlelikde hepdäniň iki güni dynç günleri hasaplanýar. Şondan soňky ýyllarda dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly hepdäniň iki güni dynç güni diýlip yglan edilýär. Häzirki wagtda diňe käbir yslam ýurtlarynda anna we şenbe günleri dynç günleri hasaplanýar.