Dünýädäki ilkinji kirpi seýilgähi Beýik Britaniýanyň demirgazyk-günbataryndaky Kumbriýa graflygynyň Leýk-Distrikt milli seýilgähinde açylar. Ýakynda Britaniýada bu haýwanlar ýitip ýok bolup barýan görnüşleriň sanawyna girizildi, sebäbi olaryň sanynyň soňky wagtlar ep-esli azalandygy bellenilýär. Seýilgähi döredijiler bu görnüşi ýok bolmakdan halas etmek maksady bilen haýwanlar üçin ýörite jaýlar döretdiler. Şeýle hem seýilgähi döredenler kirpilere nädip kömek etmelidigini myhmanlara gürrüň bermegi meýilleşdirýärler.
 PDF



		

                         
                         



