Fran­si­ýa­da 400 müň öýi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edip bil­jek il­kin­ji su­wüs­ti ýel be­ke­di işe gi­ri­zil­di. Önüm­çi­lik kuw­wa­ty 480 me­ga­wat bo­lan des­ga ýur­duň gün­ba­ta­ryn­da, de­ňiz ke­na­ryn­dan 20 ki­lo­metr uzak­da ýer­leş­ýär. Bu ýer­de 80 ýel tur­bi­na­sy gur­lup­dyr. Sen-Na­zer at­ly port şä­he­ri­ne ýa­kyn bo­lan des­ga At­lan­tik Lau­ra se­bi­ti­niň ila­ty­nyň sarp ed­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 20 gö­te­ri­mi­ni üp­jün eder. Tas­la­ma Fran­si­ýa­nyň “EDF Re­ne­wab­les”, Ka­na­da­nyň “EIH Sarl” we “CPP Invest­ments” şer­ke­ket­le­ri ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ril­di.
“Enb­rid­ge” kom­pa­ni­ýa­sy De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ne­bit ge­çi­ri­ji­si­ni iş­let­me­gi bi­len ta­nal­ýar. Em­ma kom­pa­ni­ýa soň­ky ýyl­lar­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa tas­la­ma­la­ry­ny hem dur­mu­şa ge­çir­mä­ge go­şant goş­ýar. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň Fran­si­ýa­da gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýän ýe­ne-de üç tas­la­ma­da hem hyz­mat­daş­ly­gy bar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Al Mo­na­ko gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň şe­re­ke­tiň stra­te­gi­ýa­sy­nyň uly bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni we “ýa­şyl” ener­gi­ýa bo­lan ýo­ka­ry is­leg se­bäp­li Ýew­ro­pa­nyň 100 gi­ga­wat­lyk müm­kin­çi­lik hö­dür­le­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.
Bu tas­la­ma 10 ýyl­da dur­mu­şa ge­çi­ri­lip­dir. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron ýurt­da­ky gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa tas­la­ma­la­ry­nyň ta­mam­lan­ma­gy üçin ge­rek bo­lan wag­ty iki es­se azalt­jakdk­la­ry­ny aýt­dy. Ýurt­da 2030-njy ýy­la çen­li sarp edil­ýän ener­gi­ýa­nyň üç­den bi­ri­niň aras­sa çeş­me­ler­den üp­jün edil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. 2050-nji ýy­la çen­li bol­sa, 50 tö­we­re­gi su­wüs­ti ýel ener­gi­ýa be­ket­le­ri gur­lar.

Ha­jy­bi­bi Şa­ja­no­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň talyby