Germaniýanyň “Audi” kompaniýasy beýleki bäsdeşleri ýaly welosiped öndürmegi maksat edinýär. Kompaniýa elektrik energiýasy bilen işleýän, “RS Q E-tron E2” atly Dakar Rallisi ýaryş ulagyna meňzeş, ýokary tehniki aýratynlyklary olan dag welosipedini köpçülige görkezdi. Italýan “Fantic” şereketi tarapyndan öndürilen iki tigirli ulag kuwwaty 250 Watt bolan motor bilen üpjün edilipdir. Ýeňil materiallardan öndürilen welosiped dört sany sürüş mody bar.
Az sanlysy öndürilen welosiped Angliýada 8 müň 499 funt sterlingden satuwa çykaryldy. Mundan ozal “Porsche” kompaniýasy 10 müň 700 dollardan “eBike Sport” atly welosipedini satuwa çykarypdy. Şeýle hem “GMC Hummer” 4 müň dollardan, “Jeep” 5 müň 500 dollardan elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleri müşderilere ýetirýär.
Humaý Akmyradowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









