1909-njy ýylyň 12-nji iýunynda taryhda ilkinji gezek uçarman we iki ýolagçy bilen «Bleriot XII» aeroplany asmana göterildi. Fransuz uçarmany Lui Blerionyň dolandyran bu uçuşy awiasiýanyň diňe bir sport maksatlary üçin däl-de, eýsem, köpçülikleýin ulag serişdesi bolup biljekdigini subut etdi. Şunlukda, bu waka ýolagçy daşaýan awiasiýanyň düýbüniň tutulmagy hökmünde taryha girdi.
PDF









