1981-nji ýylyň 5-nji martynda Şotlandiýanyň “Sinclair Research” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “ZX81” atly öý kompýuterini (home computer) tanyşdyrýar. “Timex Corporation” kompaniýasy tarapyndan öndürilen enjamdan jemi 1,5 milliony satylýar. Kompýuter enjamynyň täze peýda bolup başlan we kompýuter diýlende anyk bir zadyň göz öňüne gelmeýän şol döwürde bu görkeziji örän ýokary netije hasaplanýar. Bu kompýuter kiçi, ýönekeý şol sebäpli arzan bolup, bu elektron enjamyň giň halk köpçüligine ýaýramagyna getirýär. Soňky ýyllarda “Timex” bu enjamyň amerikan bazaryna niýetlenen başga nusgalaryny öndürýär. Köp ýurtda enjamyň nusgalanan görnüşleri hem çykarylýar.