Janly-jandarlaryň arasynda iň çalt ylgaýany geçigaplaň hasaplanýar. Gara menekli sargylt pişigiň sagatdaky tizligi 130 kilometre ýetýär. Iň haýal jandar bolsa deňiz anemony bolup, silindr şekilli, ýumşak bedenli bu deňiz jandary 100 ýyla çenli ýaşaýar. Adamlar tarapyndan dürli ýyllarda awçylyk, poçta hyzmaty, tebigy şertlerde ilkinji kömek bermek we gorag maksady bilen itleriň dürli tohumlary seçilip alynýar. Itiň adaty görnüşinden tapawutlylykda bu tohum itler berdaşly bedeni, ys alyjylygy we çalt ylgamagy bilen tapawutlanýar. Gazetimiziň şu sanynda sizi iň çalt ylgaýan tohum itler bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Greýhaund. Tohum itleriň iň çalt ylgaýany greýhaund bolup, inçeden uzyn bedenli bu itiň sagatdaky tizligi 72 kilometre ýetýär. Iňlis tazysy ady bilen tanalýan itiň bu görnüşiniň kellesi kiçijik, aýaklary we guýrugy uzyn, göwresi bolsa hor bolýar. Angliýada aw awlamak maksady bilen idedilýän bu itler tazy ýaryşlarynda öňdäki orny eýeleýär. Käbir ýerde iňlis tazysy öýdeçi it hökmünde hem saklanýar. Agramy 40 kilograma çenli ýetýän greýhaundlar
10-14 ýyla çenli ýaşaýar.
Salýuki. Bir wagtlar çarwa taýpalar tarapyndan seçilip alnan bu tohum itiniň sagatdaky tizligi 67 kilometre ýetýär. Uzyn salpy gulagy we geçiniň çöpürine meňzeş tüý örtügi bolan tohum itiniň bu görnüşine başgaça arap owlagy ýa-da pars owlagy hem diýilýär. Owlaga meňzeş bu it iki görnüşe bölünýär. Salýukiniň barmagyndan başlap gulagynyň ujuna çenli uzyn tüýi bolan görnüşine hadba, gytyk tüýli (tüýsüz) görnüşine bolsa hoss diýilýär. Tohum itiniň bu görnüşiniň agramy 20 kilograma ýetýär. Ösen ys alyş ukybyna eýe bolan bu itler ýiten zatlary tapmakda hem peýdalanylýar. Salýuki 16-18 ýyl ýaşaýar.
Owgan borzaýasy. Ýüpek ýaly uzyn tüý örtügi we ujy egrelip duran tegelek guýrugy bilen tapawutlanýan tohum itiniň bu görnüşi sagatda 64 kilometr tizlikde ylgap bilýär. Bu itler aw awlamak we dowarlary ýyrtyjylardan goramak maksady bilen Owganystanyň dag eteklerinde idedilýär. Boýy 61-74 santimetre, agramy 20-27 kilograma ýetýän owgan borzaýasy eýesinden başga adamyň buýrugyny ýerine ýetirmeýär. Adama kynlyk bilen öwrenişýän bu itler uzakdaky zatlary hem çaltlyk bilen saýgarýar. Owadan itiň gara, gök, goňur, gyzyl we sargylt tüýli görnüşleri bar.
Wyžla. Wengerler tarapyndan seçilip alnan tohum itiniň bu görnüşiniň sagatdaky tizligi 64 kilometre ýetýär. Amerikan buldogyna meňzeşräk bu it maşgalanyň wepaly goragçysy hasaplanýar. Ählisi gyzgylt reňkde bolýan bu itler aw awlamak we yz çalmak üçin hem ulanylýar. Wyžlanyň boýy 58-69 santimetre, agramy 20-30 kilograma ýetýär.
Jek-rassel-terýer. Angliýada tilkileri awlamak maksady bilen seçilip alnan kiçijik tohum itiniň sagatdaky tizligi 61 kilometre ýetýär. Awstraliýada hem aw etmek maksady bilen idedilýän bu itiň boýy 30 santimetre, agramy 7 kilograma ýetýär. Kellesinde gara ýa-da sary tegmilleri bolan jek-rassel-terýer dünýäniň köp ýerine ýaýran tohum iti hasaplanýar. «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» (The Secret Life of Pets) multfilmine tomaşa eden bolsaňyz, animasiýadaky baş gahryman Maks tohum itiniň jek-rassel-terýer görnüşine degişlidir.
Dalmatin. Owadan alabeder reňki bilen görenleri haýran galdyrýan tohum itiniň sagatdaky tizligi 59 kilometre ýetýär. Horwatiýada seçilip alnan bu itleriň asly Balkan ýarym adasyndaky Dalmasiýa sebitinden gelip çykýar. Howa şertlerine çydamly, uzyn aýakly we berdaşly göwresi bolan dalmatiniň boýy 60 santimetre, agramy 32 kilograma ýetýär. Dalmatinler, esasan, öýi we fermany goramak, açyk meýdanda atlary ýyrtyjylardan halas etmek, awçylyk maksatlarynda peýdalanylýar.
Doberman. XIX asyryň ahyrynda Germaniýanyň Apolda şäherinde seçilip alnan berdaşly itiň sagatdaky tizligi 51 kilometre ýetýär. Boýy 68-72 santimetre, agramy 40-45 kilograma ýetýän gaharjaň it akylly bolup, çeýeligi we çaltlygy bilen tapawutlanýar. Guýrugy keltejik bu itler keýerip duran gulagyny hemişe dik saklaýarlar. Dobermanyň ählisiniň tüýi gara bolup, gulagynda, eňeginde we aýagynda goňrumtyl tegmilleri bolýar. Dobermanlar aňtaw işlerinde we gorag hyzmatynda peýdalanylýar.
PDF









