Iň güýçli ýel bekedi bolar

130

“Ge­ne­ral Electric” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len “Ha­lia­de-X” at­ly ýel tur­bi­na­sy­nyň dün­ýä­niň iň uly ýel be­ke­di­gi bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Gur­lu­şy­gy­na 2019-njy ýyl­da baş­la­nan des­ga Ni­der­land­la­ryň Rot­ter­dam şä­he­rin­de de­ňiz ke­na­ry­na o di­ýen uzak bol­ma­dyk ýer­de ýer­le­şer. Açyk de­ňiz­dä­ki bu des­ga­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi 12 me­ga­wa­ta ýe­ter. Bu bol­sa 15 müň­den gow­rak öýi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edip bi­ler. Be­ýik­li­gi 220 met­re ba­ra­bar bo­lan des­ga­nyň per­le­ri­niň her bi­ri 107 metr bo­lar. Tur­bi­na­nyň per­le­riň ýe­liň tiz­li­gi­ne gö­rä, şe­ki­li üýt­ge­dip, ýe­liň oňa ýe­tir­ýän tä­si­ri­ni azalt­ma­ga, ýag­ny per­le­riň ka­da­ly aý­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik be­rer. Hä­zir­ki wagt­da sy­nag mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nan kiçi tur­bi­na sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge beý­le­ki bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa hem go­şant goş­ýar.
Ame­ri­kan “Ge­ne­ral Electric” kom­pa­ni­ýa­sy “Ha­lia­de-X”-iň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy we önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy üçin 400 mil­li­on dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­ýär. Şeý­le­lik­de de­ňi­züs­ti ýel tur­bi­na­la­ry­ny ön­dür­ýän we gur­na­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.

Ser­dar Ga­ra­ja­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by