Düýbi Dubaýda ýerleşýän kofehana “Roasters” dünýädäki iň gymmat bir çaşka kofesi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu kofe “pour-over” usuly bilen taýýarlandy we elde ýasalan billur çaşkada hödür edildi. Kofeni döretmek üçin Panamanyň “Geisha” sortunyň aýratyn dänesi ulanyldy. Rekordlar kitabynyň wekiliniň belleýşi ýaly, bu netije bütin dünýäde naýbaşy sortly kofeler üçin täze hil standartyny kesgitleýär. Bir çaşka kofeniň bahasynyň 670 dollardygy mälim edildi.