Iň ha­la­nan ta­gam­lar

88

Sy­ýa­hat­çy­la­ra dür­li mag­lu­mat­la­ry we mas­la­hat­la­ry ber­ýän «Lo­ne­ly Pla­net» ne­şi­ri 2022-nji ýy­lyň iň go­wy gör­len ta­gam­la­ry­nyň sa­na­wy­ny ýaý­rat­dy. Şeý­le hem ne­şi­riň bi­ler­men­le­ri haý­sy ta­ga­myň ni­re­de has go­wy taý­ýar­lan­ýan­dy­gy­ny hem anyk­lap­dyr­lar. Sa­na­wyň ba­şyn­da pinks­tos at­ly is­pan na­ha­ry bar. Çö­re­giň üs­tü­ne goý­lup taý­ýar­lan­ýan bu na­ha­ry ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky ke­nar­ýa­ka San Se­bas­týan şä­he­ri­niň aş­pez­le­ri has go­wy taý­ýar­la­ýar. Ma­laý­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Kua­la-Lum­pur­da taý­ýar­lan­ýan Kur­ri lak­sa bol­sa sa­na­wyň ikin­ji bas­gan­ça­gyn­da özü­ne orun ta­pyp­dyr. Dür­li ys­ly ot­lar go­şu­lyp, Uzak Gün­do­gar ýurt­la­ry­na mah­sus aş­dan taý­ýar­la­nan çor­ba Sin­ga­pur­da we In­do­ne­zi­ýa­da hem meş­hur­dyr. Ýa­pon aş­ha­na­sy­nyň iň bel­li ta­ga­my bo­lan su­şi­ni bol­sa to­kio­ly aş­pez­ler has ta­gam­ly edip taý­ýar­la­ýar­lar. Çig de­ňiz önüm­le­rin­den we gök önüm­ler­den taý­ýar­lan­ýan su­şi dün­ýä­niň köp şä­he­rin­dä­ki res­to­ran­la­r­da müş­de­ri­le­re hö­dür­len­ýär. ABŞ-nyň Te­has şä­he­rin­dä­ki aş­pez­le­riň taý­ýar­la­ýan ýu­ka ke­si­len et­den taý­ýar­lan­ýan na­ha­ry bol­sa, dör­dün­ji bo­lup­dyr. Bu ta­gam uly ma­lyň az ýag­ly etin­den köz­de bi­şi­ril­ýär. Dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat­çy çek­ýän ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Tai­lan­dyň paý­tag­ty Bang­kok­da­ky res­to­ran­lar­da hö­dür­len­ýän som-tum iş­däa­ça­ry bä­şin­ji bo­lup­dyr. Pa­pa­ýa mi­we­sin­den (ga­wun aga­jy) taý­ýar­lan­ýan bu ta­gam ýur­duň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da has ýaý­ran­dyr. Sa­naw­da smor­reb­rod (Ko­pen­ga­gen), ke­re­wit (Tä­ze Ze­lan­di­ýanyň Gü­nor­ta ada­la­ry), bi­bim­bap (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy), piz­za (Na­po­li) we dim sum (Gon­kong) bar.

Ogul­jen­net Baý­mu­ham­me­do­wa, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­we­si­te­ti­niň ta­ly­by.