Ýewropanyň nebit-gaz gorlaryna baý döwleti bolan Norwegiýa dünýäniň iň köp elektroulag satylýan ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Demirgazyk Ýewropa ýurdy birnäçe ýyldan bäri jan başyna iň köp elektroulag satylýan ýurdy bolmagyna galýar. Häzirki wagtda dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň köpüsi 2035-nji ýyldan soňra adaty ýangyçly ulag satuwyny gadagan etmegi maksat edinýär. Norwegiýa bu bolsa bu maksada 2025-nji ýylda ýetmegi göz öňünde tutýar. Norwegiýada elektroulag öndürijilerine we müşderilerine berilýän ýeňillik şeýle ulaglaryň satuwynyň has ýokary bolmagyna getirýär. Geçen ýyl ýurtda satylan awtoulaglaryň 64,5 göterimini elektroulaglar emele getiripdir. Tamamlanyp barýan ýylda bolsa, “plug-in” ýagny zarýad berip bolýan elektroulaglar hem hasaba alnanda Norwegiýada satylan ulaglaryň 80 göterimden gowragynyň elektroulag bolmagyna garaşylýar.
Saýlaw Mommykow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.
PDF









