Mediýa platformalary barada maglumatlary taýýarlaýan “data.ai” şereketi 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp ulanylan mobil goşundylaryň sanawyny taýýarlady. Mobil goşundylar göçürilip alnan sany, müşderileriň eden tölegi we aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany ýaly üç ugra bölüpdir.

Maglumatlara görä, “Facebook” degişli döwürde iň köp peýdalanylan mobil programma bolupdyr. Ikinji ýeri “WhatsApp”, üçünji orny “Instagram” aldy. “Messenger” dördünji bolupdyr. Bu dört programma hem “Meta” (“Facebook”-a eýeçilik edýän kompaniýa) kompaniýasyna degişli. Bir milliarddan köp ulanyjysy bolan “TikTok” bäşinji bolupdyr. “Amazon”, “Telegram”, “Twitter”, “Spotify” we “Netflix” soňky basgançaklary eýeläpdir.

Şeýle hem ýylyň birinji çärýeginde “Instagram” iň köp göçürilip alnan mobil goşundy bolupdyr. Ondan soňky orunlary degişlilikde, “TikTok”, “Facebook”, “WhatsApp” we “Snapchat” eýeläpdir. Şu ýylyň birinji çärýeginde göçürilip almakda “Zoom” programmasy onunjy bolupdyr. Pandemiýa döwründe okuwlaryň, işiň, ýygnaklaryň we maslahatlaryň uzak aralykdan dowam etdirilmegi “Zoom” programmasyna bolan gyzyklanmany görnetin artdyrypdyr. Muňa garamazdan, köpçülikleýin wideojaň etmäge mümkinçilik berýän bu platforma aýlyk işjeň ulanyjy sany boýunça ilkinji onluga girmändir.

 Maýsa Begenjowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.