Awstraliýanyň Hobart şäheriniň portunda öndürijisi tarapyndan dünýäniň iň uly elektrogämisi diýlip atlandyrylýan gämi suwa goýberildi. “Incat” kompaniýasy tarapyndan döredilen “Hull 096” gämisiniň uzynlygy 130 metr. Ol Günorta Amerikanyň “Buquebus” parom operatory tarapyndan işlenip düzüldi. Suw ulagy Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäheri bilen Urugwaýyň arasynda La-Plata derýasynda gatnawlary amala aşyrar. Gämi 2 müň 100 ýolagçy orunlyk bolup, ýene-de 225 ulag serişdesini daşap bilýär. Gämi diňe batareýalardan alynýan elektrik energiýasy bilen işleýär. Kuwwaty 40 megawatt/sagatdan gowrak bolan batareýalaryň agramy 250 tonna. Gämi gurluşyk kompaniýasynyň wekilleri bu taslamany amala aşyran ähli işleriniň arasynda iň çylşyrymlysy diýip baha berdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň gämi gatnawy pudagy her ýylda howa goýberilýän zyňyndylaryň 3 göterimini emele getirýär.