ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Maýk Woltsy ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine hödürledi.
“Döwlet sekretary Marko Rubio Döwlet departamentine ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirip, milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirer» diýip, ABŞ-nyň Pezidenti Donald Tramp jemgyýetçilik torunda ýazdy.
Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, M.Wolts we onuň orunbasary Aleks Wong penşenbe güni irden Ak tamdaky wezipelerini terk ederler. M.Woltsuň täze wezipä hödürlenmegi Senat tarapyndan tassyklanmaly.
27-nji martda Donald Tramp respublikaçy Eliz Stefanikiň BMG-däki hemişelik wekili wezipesine hödürlenmegini yzyna aldy. Donald Tramp ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine girişeninden soň ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild 20-nji ýanwarda işinden çekildi.