Resmi taýdan dünýäniň iň uly kruiz gämisi bolan “Icon of the Seas” ilkinji syýahatyna çykdy. Gämi 10-njy ýanwarda Finlýandiýanyň Turku şäherindäki gämi abatlaýyş kärhanasyndan suwa goýberilensoň, bütin Atlantik ummanyny geçip, Maýami şäherine girdi.
“Icon of the Seas” 27-nji ýanwarda Gün ýaşmazyndan ozal Maýami portundan ýola düşdi. Gämi özüniň ýigrimi palubasynda 7 müň 600 ýolagçyny we 2 müňden gowrak ekipaž agzalaryny ýerleşdirip biler.
Syýahatçylara bu ýerde näme garaşýar? Gämide ýedi sany howuz, daga dyrmaşyş diwary, gidromassaž, emeli tolkunly serfing simulýatory, buz meýdançasy, gijeki klublar, urgan seýilgähi, woleýbol we basketbol meýdançalary we 40 sany restoran bar. Şeýle hem gämide akwapark, seýilgäh, teatrlar, suw çüwdürimleri we beýleki zerur zatlar bar.
“Icon of the Seas” gämisiniň işe girizilmegi, Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde portlaryň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen täze düzgünler arkaly kruiz gämilerine garşy dürli çäreleri görülýän döwrüne gabat geldi. Mysal üçin, 2026-njy ýyldan başlap, Norwegiýada ýurduň portlaryna diňe alternatiw ýangyç bilen işleýän gämiler girip biler. Hökümet ajaýyp deňiz kenarlarynyň hapalanmagyny azaltmaga synanyşýar. Muňa bolsa, köplenç dizel ýangyjy bilen işleýän kruiz gämileri sebäp bolýar.
Täze kruiz gämileri kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen suwuklandyrylan tebigy gaz ulanýarlar. Suwuklandyrylan tebigy gaz ýakylanda, adaty ýangyja garanyňda, azot oksidiniň, kükürt oksidiniň we gaty bölejikleriň az mukdary bölünip çykýar. Gämileriň suwuklandyrylan gaz bilen işledilmegi dünýädäki portlaryň esasy meselesi bolup durýar. Ýöne daşky gurşawy goraýjylar bu kruiz gämileriniň ulanýan hereketlendirijilerinden metanyň syzmagy barada alada edýärler.