Halkyň arasynda söýginiň çägi ýok diýilýän aýtgy bar. Braziliýaly Manoel Angelim Dino hem-de Mariýa de Suza Dino bu aýtgynyň dogrudygyna güwä geçýärler. Degişlilikde, 105 we 101 ýaşynda bolan ýan-ýoldaşlaryň goş birikdirenlerine 84 ýyl 77 gün bolup, olar iň uzak wagtlap nikada duran jübütler hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.
Manoel we Mariýa 1940-njy ýylda durmuş gurupdyrlar. Agzybir maşgala bilelikde 13 çagany terbiýeläp ýetişdiripdirler. Bir asyrdan gowrak ýaşy arka atan jübütleriň 55 agtygy, 54 çowlugy we 12 ýuwlugy bar.
1919-njy ýylda dünýä inen Manoel hem-de 1923-nji ýylda doglan Maria 1936-njy ýylda ekin meýdanynda işleýän wagty tanşypdyrlar.
Är-aýalyň arasyndaky mundan ozalky rekord 1789-njy ýylda doglan Dewid Ýakob Hiller bilen 1792-nji ýylda doglan Sara Dewi Hilleriň arasynda bolupdyr. Olar 1898-nji ýylda Sara dünýeden ötýänçä 88 ýyl 349 gün nikada galypdyrlar.