Hünärmenler iň ýeňil reňk serişdesini işläp taýýarladylar. Uzak wagt tozmaýa bu reňk ýylylygy itýär we islendik reňklisini öndürip bolýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä bu reňk bilen bir “Boeing 747” uçaryny reňklemek üçin 1,4 kilogram reňk ýeterlik bolar. Häzirki wagtda bu ýolagçy uçaryny reňklemek üçin 454 kilogram reňk gerek bolýar. Ýagny bir jaýy reňklemek üçin bu reňkde birnäçe gramy ýeterlik bolar. Uly howa gämilerini bu reňk bilen reňklemek onuň ýüküni ýeňledip, az ýangyç sarp etmegine, netijede howa goýberilýän zyýanly gazyň azalmagyna getirer.
Häzirlikçe diňe laboratoriýa şertlerinde öndürilen reňkiň täjirçilik maksatly önümçiliginiň çykjak wagty mälim edilmedi.
Bu reňkiň işlenip düzülmeginiň iň esasy maksady binalary salkyn saklamaga ýardam etmekden ybarat. Bu reň ähli infragyzyl spektri yzyna serpikdirip, gyzgyny geçirmeýär.
Şamyrat Çaryýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









