Ýewropanyň «Copernicus» howanyň üýtgemegi boýunça gullugy 2023-nji ýylyň iň yssy ýyl bolup biljekdigini mälim etdi. Bu barada taýýarlanan maglumatda ortaça temperatura mundan ozalky rekordyň hasaba alnan ýyly bolan 2016-njy ýyldakydan 0,10 dereje ýokary bolup biler. Bu ýylky ortaça temperaturanyň senagatdan ozalky temperaturadan 1,43 dereje ýokarydygy habar berildi. Meteorologlar şu ýylyň oktýabr aýynda Ýer ýüzünde ortaça temperaturanyň 15,3 dereje bilen rekord hökmünde hasaba alnandygyny belleýärler. Geçen aý ortaça ýylylyk 1991-2020-nji ýyllardakydan 0,85 dereje ýokary bolupdyr. Maglumata görä, oktýabrda Antarktikanyň buz örtügi adatdakydan 11 göterim kiçi bolupdyr.
Selbi ANNAMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









