Indoneziýanyň häkimiýetleri ýurduň paýtagtyny Jakartadan Nusantara 2028-nji ýyla çenli göçürmegi meýilleşdirýär. Bu barada Respublikanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy Muhammet Kodari aýtdy.
“Nusantaranyň paýtagt derejesine eýe bolmagy üçin häkimiýetler ol ýerde kanun çykaryjy we kazyýet edaralaryny ýerleşdirmek boýunça binalar toplumy gurulýar” diýip, “Jakarta Globe” neşiri ýazýar.
Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subiantonyň görkezmesine laýyklykda, ähli zerur hökümet binalarynyň gurluşygynyň 2028-nji ýyla çenli tamamlanar. – Bu, täze paýtagtyň döwlet häkimiýetiniň standartlaryna hakykatdanam laýyk gelmegine mümkinçilik döreder – diýip, Muhammet Kodari belledi.
2014-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli Indoneziýanyň Prezidenti wezipesini eýelän Joko Widodo paýtagty 2019-njy ýylda Jakartadan göçürmegi teklip etdi. Megapolis ilkibaşda 2024-nji ýyla çenli Kalimantan adasynda gurulmagy meýilleşdirilipdi. Bu maksat bilen 32 milliard dollar töweregi pul bölünip berildi, ýöne koronawirus pandemiýasy bu taslamany bökdedi.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda döwlet Baştutany täze paýtagtyň Nusantara (arhipelag) diýlip atlandyryljakdygyny mälim etdi. 2024-nji ýylyň 28-nji iýulynda Joko Widodo ilkinji iş günlerine başlamak üçin ol ýere syýahat etdi, ýöne 30-njy iýulda häzirki hökümet merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Jakarta gaýdyp geldi. Prezidentlige saýlanandan soň, Prabowo Subianto Nusantaranyň gurluşygyny tamamlamagy maksat edinýändigini we ol ýere göçmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle ädimiň sebäbi Jakartanyň aşa köp ilatly bolmagy bilen baglanyşykly bolup, her inedördül kilometrde 15,7 gowrak adam ýaşaýar.