Is­len­dik tä­ze za­dy ýa-da di­li öw­ren­mek oka­ma­gy, ala­da­ny ta­lap ed­ýär. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­mek hem şeý­le. Eý­sem, bar­ha glo­bal­laş­ýan dün­ýä­de dil öw­ren­mek üçin nä­me et­me­li, ni­re­den baş­la­ma­ly. Dün­ýä­de iň köp öw­re­nil­ýän bu di­liň is­len­dik ýur­da gi­di­len­de peý­da­sy deg­ýär. Ýer ýü­zü­niň äh­li­sin­de di­ýen ýa­ly iň­lis­çe bil­ýän bi­ri­ni ta­pyp bol­ýar. dün­ýä ila­ty­nyň 1,34 mil­liard adam ene di­li ýa-da ikin­ji dil hök­mün­de iň­lis­çe bil­ýär. Ola­ryň 380 mil­lio­ny­nyň ene di­li iň­lis­çe bol­sa, 960 mil­li­on adam ikin­ji ýa-da üçün­ji dil hök­mün­de bu di­li bil­ýär. Dün­ýä­niň 54 ýur­dun­da (kä­bir ýurt­la­ryň bel­li bir bö­le­gi­ne) res­mi dil iň­lis­çe. Bu dil dün­ýä­niň “Lin­gua franca”-sy, ýag­ny ene di­li ta­pa­wut­ly bo­lan adam­la­ryň öz ara­la­ryn­da dü­şü­niş­mek­le­ri üçin ula­nyl­ýan umu­my di­li ha­sap­lan­ýar. Iň­lis­çe sy­ýa­hat­çy­ly, in­ter­net, teh­no­lo­gi­ýa, ma­li­ýe we biz­nes, okuw, awia­si­ýa, glo­bal söw­da ýa­ly ugur­lar­da hök­ma­ny bi­lin­me­li dil­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň di­li iň­lis­çe bo­lup, res­mi­na­ma­lar bu dil­de taý­ýar­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, dür­li pu­dak­lar­da­ky adal­ga­lar hem il­ki bu dil­de dö­re­ýär we soň­ra beý­le­ki dil­le­re geç­ýär.
Hü­när­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä bol­sa, dil öw­ren­mek üçin yzy­gi­der­li­li­giň äh­mi­ýet­li­di­gi aý­dyl­ýar. Eger bu di­li öw­ren­mek üçin aý­ra­tyn okuw sa­pak­la­ry­ny al­ýan bol­sa­ňyz onuň ara­ly­gy ýy­gy bol­ma­ly. Te­le­wi­zor­da iň­lis­çe gep­le­şik­le­re to­ma­şa et­mek, ki­no, mult­film gör­mek, aý­dym diň­le­mek di­liň ki­tap­da­ky­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, gün­de­lik dur­muş­da nä­hi­li ula­nyl­ýan­dy­gy­ny öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem bu usul ýa­dat­ma­ýar.
Üns be­ren bol­sa­ňyz, iň­lis­çe elip­bi­ýi öw­red­ýän aý­dym­lar hem bar. Bu usul soň­ra hem peý­da ed­ýär. Aý­dym diň­le­nen­de köp sö­zi öw­re­nip bol­ýar.
Has aň­sat ki­tap­la­ry oka­ma­ly. Bi­raz bil­ýän bol­sa­ňyz uly göw­rüm­li ki­tap oka­sa­ňyz gel­se, ozal ene di­li­ňiz­de okan ki­ta­by­ňy­zy okaň! Ese­riň gah­ry­man­la­ry­nyň ady­ny bil­me­gi­ňiz, gür­rü­ňi edil­ýän za­dyň nä­hi­li do­wam ed­ýän­di­gi­ni bil­me­gi­ňiz tä­ze söz­le­ri öw­ren­me­gi­ňi­zi ýe­ňil­leş­di­rer.
Gün­de­lik ed­ýän iş­le­ri­ňiz­de iň­lis di­li­ni öw­re­niň. My­sal üçin, oý­na­ýan oý­nu­ňyz, bi­şir­ýän na­ha­ry­ňyz, ed­ýän işi­ňiz iň­lis di­lin­de nä­hi­li aý­dyl­ýar.

Jen­net Ke­rim­ber­di­ýe­wa, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by