UEFA Çempionlar Ligasynda Angliýanyň çempiony “Liwerpul” topary umumylykda 4 ýeňlişden soň ahyry özüni dürsedi. Frankfurtda “Aýntraht” bilen duşuşan “Liwerpul” 26-njy minutda Kristenseniň goluny saklap bilmedi. Ýöne ýene-de ýeňilýärmi? diýlen sowala iňlis kluby tiz jogap berdi. 35-nji minutda Ekitike öňki klubunyň torundan gol geçirip, hasaby deňlese, 1-nji ýarym tamamlanmanka, “liwerpully” futbolçylar ýene-de 2 goly derwezä gönükdirdiler. 2-nji ýarymda-da 2 gol salan “Liwerpulyň” gollaryny Ekitike, Wan Deýk, Konate, Gakpo hem-de Soboslai öz atlaryna ýazdyrdylar.

Başga bir iňlis kluby “Çelsi hem öz meýdançasynda “Aýaks” toparyndan 5-1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda germaniýaly emin Feliks Zwaýer 1-nji ýarymda 3 gezek 11 metrlik jerime urgusyny belläp, 15-nji minutda “Aýaksdan” ýarymgoragçy Teýlora gyzyl kart görkezdi. Londonlylaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Çelsiniň” gollaryny Giu (18), Şutalo (27 ö.d.), Enzo Fernandes (45 p), Estewao (45+6 p) hem-de Jorj (48) geçirdi. Bu ýaryşyň çäginde ilkinji gezek bir oýunda bir toparyň düzüminde 3 ýaş futbolçy (Giu – 19, Estawao – 18, Jorj – 19) tapawutlandy.

Portugaliýada “Sporting” topary öz meýdançasynda “Marsel” toparyny fransuz klubunyň öňe geçendigine garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy. 14-nji minutda Igor Paişaonyň goly bilen saýlanan “Marsel” toparynda 45-nji minutda italiýaly çep goragçy Emerson gyzyl kart aldy. 2-nji ýarymda has başgaça oýnan ýer eýeleri Katamonyň hem-de Alissonyň gollary bilen 2-nji ýeňşini gazandy.