Ýurdumyzyň pudaklaryna, şol sanda hususy pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň netijesinde-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Oba hojalygynda, şol sanda maldarçylyk pudagynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, fermer hojalyklarynyň döredilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde ulgamda ýokary üstünlikler gazanylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy kärhanalar tarapyndan ýerli tebigy çig maldan öndürilýän önümleriň sanawynda süýt, peýnir, gatyk, dorog ýaly süýt önümleriniň onlarça görnüşi bar. Bu ugurdaky işleriň ýaýrawynyň barha giňemeginde häzirki zamanyň iň täze gazananlarynyň – innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti uludyr. Hususy telekeçiler we işewürler tarapyndan ýurdumyzda gürrüňi edilýän önümleri öndürýän kärhanalaryň onlarçasynyň gurlup işe girizilmegi, olarda ylmyň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri ýola goýmak babatdaky talaplaryna mynasyp jogapdyr. Netijede, ýurdumyzda öndürilýän süýt we süýt önümleri eýýäm alyjylaryň ýokary isleginden peýdalanyp, olaryň hyrydary daşarky bazarlarda-da barha artýar. Munuň özi «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili şeýle önümleriň ekologiýa taýdan arassadygyndan, jana ýaramlydygyndan, bahalarynyň elýeterlidiginden habar berýär. Türkmen telekeçileriniň bu ugurda ornaşdyran innowasion tehnologiýalary sygyr süýdünden taýýarlanýan peýnirler bilen birlikde, geçi süýdünden hem peýniriň birnäçe görnüşini öndürmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanda senagat möçberinde saýlama geçi peýnirleriniň, şol sanda ýagsyz peýniriň we dürli göterimli ýagly peýniriň, pasterizirlenen geçi süýdüniň önümçiliginiň ýola goýulmagy hem şunuň bilen baglanyşyklydyr.
Döwlete dahylsyz pudagyň wekilleri adaty peýnir bilen birlikde, pizza taýýarlamak üçin niýetlenen peýnirleriň önümçiligini hem ýola goýdy. Şonuň netijesinde, bu ugurdaky önümçiligiň gerimi barha giňeldilýär. Peýniri gaýtadan işlemek arkaly alynýan şöhlatly, kakadylan, ýumşak görnüşli peýnirler hem giňden öndürilýär. Bularyň ählisi ozal import edilýän şunuň ýaly önümleriň indi özümizde öndürilmek bilen birlikde, diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, eksport etmäge hem mümkinçiligiň dörändigini aňladýar.
Bahar Baýramowa,
Arkadag şäherindäki 20-nji çagalar bagynyň müdiri.