Italiýanyň “Inter” kluby final duşuşygynyň oýnaljak stadionynda ýer eýeleri “Bawariýadan” 2-1 hasabynda üstün çykyp, çärýek finalyň 1-nji oýunlarynda myhmançylykda ýeňiş gazanan ýeke-täk topar bolupdy. “San Sirodaky” duşuşygyň 1-nji ýarymy golsuz tamamlandy. 52-nji minutda Harri Keýn nemes klubuny öňe geçirse-de, 6 minutdan soň Lautara Martines hasaby deňledi. 61-nji minutda Benžamen Pawar “Interdäki” ilkinji goluny ozalky toparynyň derwezesinden geçirip, italýanlary öňe saýlady. Duşuşygyň 76-njy minutynda bolsa münhenlileriň başga bir iňlis futbolçysy Daýer tapawutlanyp, hasaby deňledi. Ýöne bu gol “Bawariýanyň” ýarym finala çykmagy üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 4-3 hasabynda öňe saýlanan “Inter” topary soňky 3 ýylda 2-nji , umumylykda 3-nji gezek (2010, 2023, 2025) ýarym finala çykmagy başardy.

Duşuşykda italýan klubunyň 1-nji goluny geçiren argentinaly Lautara Martines bassyr 5-nji gezek Çempionlar Ligasy duşuşygynda tapawutlanyp, şeýle statistika gazanan ilkinji “interli” futbolçy boldy.

Möwsümiň ahyrynda klubdan gidýändigini habar beren “Bawariýanyň” ýyldyzy Tomas Müller Çempionlar Ligasynda 163-nji gezek meýdança çykyp, ol Lionel Messi bilen deňleşdi. Müller we Messiden öňde diňe Iker Kasilýas (177) bilen Kristiano Ronaldo (183) bar.