Italiýanyň çempionatynda 21-nji tapgyrda öňdebaryjy 3 topar iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy. “Inter” myhmançylykda “Udinezeni” Lautara Martinesiň 20-nji minutda geçiren goly bilen ýeňdi.
“Milan” hem öz meýdançasynda “Leççeni” täze transfer Niklas Füllkrugyň 73-nji minutda oýna girip, 3 minutdan soň geçiren goly esasynda ýeňşini baýram etdi.

“Napoli” topary-da Lobotkanyň duşuşygyň başlarynda, 7-nji minutda salan ýeke-täk goly bilen “Sassuolodan” üstün çykmagy başardy.
Paýtagtyň “Roma” topary geçen hepdäniň dowamynda özüni kubok ýaryşyndan çykaran “Torino” klubuny myhmançylykda täze transfer Maleniň hem-de argentinaly ýyldyz oýunçy Dibalanyň gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy.
Yzygiderli ýeňiş gazanmakda kynçylykda çekýän “Ýuwentus” myhmançylykda “Kaliariden” 1-0 hasabynda ýeňildi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 65-nji minutda Mazzitelli geçirip, “Ýuwentus” oýny topa erk etmekde 78 göterim bilen tamamlady. Ýöne bu görkeziji olara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.
21-nji tapgyryň netijeleri:
Pisa – Atalanta: 1-1 (Durosinmi 87 – Krstowiç 83),
Udineze – Inter: 0-1 (Lautara Martines 20),
Napoli – Sassuolo: 1-0 (Lobotka 7),
Kaliari – Ýuwentus: 1-0 (Mazzitelli 65),
Bolonýa – Fiorentina: 1-2 (Fabbian 88 – Mandragora 19, Pikkoli 45),
Parma – Jenoa: 0-0,
Torino – Roma: 0-2 (Malen 26, Dibala 72),
Milan – Leççe: 1-0 (Füllkrug 76),
Kremoneze – Werona (şu gije)
Lasio – Komo (şu gije)
PDF









