UEFA Çempionlar Ligasynda 70-nji möwsümiň çempiony belli boldy. Germaniýanyň Münhen şäherindäki “Allianz Arena”-da oýnalan finalda taryhy netije ýüze çykdy. PSŽ bilen “Interiň” arasyndaky oýunda fransuz kluby uly hasap bilen 5-0 hasabynda garşydaşyny ýeňip, taryhy çempionlyk gazandy. Rumyniýaly Iştwan Kowaçyň eminlik eden duşuşygyna 64327 janköýer tomaşa etdi. Şunlukda, täze formatda ilkinji gezek geçirilen ýaryşyň çempiony PSŽ topary boldy.

Duşuşyga parižliler erjelli bilen başlady. Eýýäm oýnuň 12-nji minutynda “Interiň” ozalky oýunçysy Aşraf Hakimi owadan paslaşykdan soň Dueniň asist etmeginde hasaby açdy. Oýnuň 20-nji minutynda bu gezek Dueniň özi geçirip, ol jerime meýdançasynyň içinde topy batly urdy we Dimarkonyň aýagyna degen top derwezä girdi. 1-nji ýarymyň ahyrlarynda we 2-nji ýarymyň başynda Hwiça Kwarasheliýa yzly-yzyna 4 howply, 100 göterimlik golluk pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Duşuşygyň 63-nji minutynda ýene-de Due tapawutlanyp, hasaby 3-0-a çykardy. Bu goldan 10 minut soň Hwiça ahyry pökgini derwezä girizdi. Oýnuň 86-njy minutynda-da duşuşyga soň giren Maýulu 5-nji goly “Interiň” derwezesinden geçirdi. Şunlukda, PSŽ taryhy hasap bilen “Interi” ýeňip, ilkinji egzek Çempionlar Ligasynyň Kubogyny gazanmagy başardy. PSŽ topary UEFA-nyň birinji derejeli klub ýaryşynda çempionlyk gazanan 24-nji topar hökmünde hasaba alyndy.

Şeýlelikde, PSŽ topary Marselden soň UEFA Çempionlar Ligasynda çempionlyk gazanan 2-nji fransuz kluby boldy.

PSŽ UEFA Çempionlar Ligasynyň finalynda iň uly aratapawut bilen ýeňiş gazanan klub hökmünde bellige alyndy. Mundan öň Milan Barselonany 4-0, Milan Stýauany 4-0, Real Madrid Reýmsi 7-3 hasaplar bilen ýeňipdi.

Şeýle-de, Münhen şäherinde ýene bir ýola, ýagny 5-nji gezek oýnalan finalda 5-nji saparam täze çempion peýda boldy.

Ýewropada 11-nji gezek bir klub bir möwsümde 3 kubogy – Çempionlar Ligasynyň hem-de milli liganyň çempiony, şol sanda ýerli kubok ýaryşynyň ýeňijisi boldy. PSŽ muny başaran 7-nji topar diýlip hasaba alyndy. PSŽ-den soň Seltik (1967), “Aýaks” (1972), PSW (1988), “Mançester Ýunaýted” (1999), “Barselona” (2009,2015), “Inter” (2010), “Bawariýa” (2013, 2020), “Mançester Siti” (2023) muny başarypdy.

PSŽ-niň tälimçisi 2 başga topar bilen Çempionlar Ligasynyň gazanan 7-nji tälimçi boldy (Ernst Happel, Ýupp Haýnkes, Ottmar Hitsfeld, Žoze Mourinio, Karlo Ançelotti, Pep Guardiola).

Şol sanda Luis Enrike watandaşy Pep Guardioladan soň bir möwsümde 2 başga topar bilen 3 kubogy gazanan (treble eden) 2-nji tälimçi boldy.

Luis Enrike PSŽ-däki 7-nji, tälimçilik karýerasyndaky 16-njy kubogyny gazandy.

Duşuşygyň iň ökde oýunçysy saýlanan 19 ýaşyndaky Desire Due finalda 2 gol salan ýetginjek oýunçy boldy.

 

Bellik: suratlar uefa.com saýtyndan alyndy.