“Google” bilen hyzmatdaşlyk edýän “Loon” şereketiniň birnäçe ýyldan bäri işläp taýýarlaýan internet şary taslamasy duruzyldy. “The Verge” neşriniň habaryna görä, kompaniýa äpet ballonlar arkaly internet üpjünçiligini ýola goýýan taslamany ýatyrdy. Bu taslama arkaly medeni zolakdan uzak ýerler internet hyzmaty bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýardy. Taslamany durmuşa geçirmäge 2013-nji ýylda işe girişilipdi. 2017-nji ýylda Porto Rikoda ýüze çykan tebigy hadysa sebäpli internet aragatnaşygy kesilende, 100 müň ilatly şäher şeýle şarlar arkaly internet bilen üpjün edilipdi. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa, Kenýanyň şäherden uzakdaky obalary internet şarlary arkaly aragatnaşygyň 4-nji nesli bilen üpjün edilipdi.