«Microsoft» kompaniýasy aragatnaşyk çözgütlerini kämilleşdirmek üçin «Starlink» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk «Starlink»-iň emeli hemra internetiniň mümkinçiliklerini «Microsoft»-yň «bulut» hyzmatlary bilen utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, uzak we çäkli internet baglanyşygy bolan sebitlerde ýokary tizlikli internet üpjün ediler.
Mundan ozal «Starlink» kompaniýasy «British Airways», «Flydubai», «Hawaiian Airlines» ýaly awiakompaniýalar bilen emeli aň internetini üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygy ýola goýupdy. Şeýlelikde, agzalan awiakompaniýalaryň ýolagçylary uçarda barýarkalar ýokary tizlikli internet bilen üpjün edildi. Şeýle hem «Starlink» telekommunikasiýa infrastrukturasy üçin «SpaceX», hyzmat ediş çägini giňeltmek üçin «EchoStar», Hindistanda «Reliance Jio» we «Bharti Airtel» ýaly aragatnaşyk operatorlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýupdy.
Ilon Maskyň eýeçilik edýän kompaniýasyna degişli bolan «Starlink» maksatnamasynyň çäklerinde Ýeriň aşaky orbitasyna ýerleşdirilen müňlerçe kiçi göwrümli emeli hemra dünýäniň köp ýerini ýokary tizlikli internet hyzmaty bilen üpjün edýär.
Aýsona Daňatarowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









