Awstraliýa ägirt uly taslamany durmuşa geçirer. Bu ýurtda guruljak Gün bekedi arkaly öndüriljek elektrik energiýasy Singapura iberiler. Umumy bahasy 19 milliard dollarlyk taslamanyň çäklerinde 30 müň gektar meýdanda Gün panelleri oturdylar. Ýurduň daşky gurşawynyň üýtgemegi sebäpli, Energiýa we suw ministrligi Awstraliýa-Aziýa «PowerLink» atly taslama rugsat berlendigini mälim etdi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurduň gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýa önümçiliginiň artmagyna garaşylýar. Ministrlik dünýäniň iň uly Gün elektrik bekediniň guruljakdygyny mälim etdi. Bu ýerde öndürilen elektrik geçirijisi Indoneziýanyň kenarýakasyndan geçip, Singapura baryp ýeter. Geçirijiniň 4 müň 300 kilometrlik bölegi Indoneziýanyň kenaryndan, deňziň aşagyndan geçer.
Taslamany işläp taýýarlan «Sun Cabledan» kompaniýasy 2030-njy ýylda önümçilige başlanjakdygyny habar berdi.
Ýazgeldi TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.