Hytaýyň Ýunnan welaýatynda gurlan ýel bekedi elektrik liniýasyny tok bilen üpjün edip başlady. Desganyň önümçilik kuwwaty 550 MW bolup, 600 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Gury ýerde gurlan ýel fermasy ýurduň günorta-günbataryndaky iň uly ýel bekedi boldy. Gurluşygy amala aşyran kompaniýa taslamanyň çäklerinde her biriniň önümçilik kuwwaty 6,7 MW bolan turbinalar ýurduň daglyk sebitindäki iň güýçli turbinalardyr.
Ýel fermasy her ýylda 1,4 milliard kilowatt/sagat elektrik energiýasyny elektrik liniýasyna iberer. Şeýlelikde sebitde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 80 göterimini öndürýän gidroelektrik beketleriň ýylyň gurak döwründe önümçiliginiň azalmagy bilen ýüze çykýan energiýa ýetmezçiligini hem aradan aýrar.
Aýlar Gapurjanowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









