Jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsi geçildi.

7-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Beýik ata – babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we iş kesilen 982 sany raýatymyzyň hem-de 53 sany daşary ýurtly raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi we welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.