Islandiýa ýakyn aýlarda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlamak boýunça referendum geçirer. Bu barada Premýer-ministr Kristrun Frostadouttir Polşa amala aşyran sapary wagtynda mälim etdi.
“Biz ýakyn aýlarda Islandiýanyň ÝB-ne agza bolmak baradaky gepleşikleri başlamalydygyny ýa-da başlamaly däldigini kesgitlejek referendum geçireris” diýip, Premýer-ministr Frostadouttir 25-nji fewralda Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk bilen bilelikde geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.
Islandiýa dört ýyl dowam eden gepleşiklerden soň, 2013-nji ýylda ÝB-ne agzalyk gepleşiklerinden çykypdy. Emma, geçirilen sorag-jogaplara görä, ýaşaýyşyň bahasynyň artmagy adanyň ýaşaýjylarynda ÝB-ne dolanmak islegini täzeden döretdi.
Islandiýa eýýäm ÝB-niň bitewi bazarynyň, Şengen zolagynyň we Ýewropanyň erkin söwda assosiasiýasynyň agzasydyr. 400 müňe golaý ilatly ýurt, şol bir wagtda NATO-nyň hem agzasydyr.