1492-nji ýylyň 18-nji awgustynda ispan diliniň ilkinji grammatikasy baradaky kitap Kastiliýanyň we Leonyň Şa Zenany Izabella I-e sowgat berilýär. Kastiliýa diliniň grammatikasy (“Gramática de la lengua castellana”) atly kitaby Antonio de Nebriha ýazýar. Bu kitap ispan dili we onuň kadalary bilen bagly hem-de Ýewropa dillerinde çykarylan çap edilen ilkinji iş hasaplanýar. Dilçi, leksikograf, taryhçy, pedagog bolan Nebriha 1495-nji ispan dilindäki ilkinji sözlügi hem çykarýar.