“Finalissima”, ýagny Ýewropanyň çempiony bilen Günorta Amerikanyň çempionynyň duşuşygy bolup, onuň nobatdakysynyň geçiriljek wagty resmi ýagdaýda mälim edildi. Geljek ýylyň 27-nji martynda Ýewropanyň çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerikanyň çempiony Argentina duşuşar. Duşuşyk Kataryň paýtagty Dohanyň golaýyndaky Lusail şäherindäki “Lusial Iconic” stadionynda oýnalar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlanar.
Bu stadionda 3 ýyl öň Argentina Dünýä Kubogynyň finalynda Fransiýany ýeňip, 3-nji çempionlygyny gazanypdy. Şonda kubok Messiniň ellerinde asmana göterilipdi. Ýöne bu gezekki “Finalissama”-da Lionel Messi çykyş etmejekdigini ozal habar beripdi.
“Finalissima” duşuşygy mundan öň 1 gezek geçirilip, 2022-nji ýylda Argentinanyň ýygyndysy Italiýanyň ýygyndysyny 3-0 hasabynda utupdy.
PDF









