Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy Ispaniýada umumy bahasy 7 milliard ýewro bolan taslamany durmuşa geçirer. Ýewropanyň iň uly awtoulag öndürijisi bolan kompaniýa önümçilik kuwwaty 40 gigawat/sagada barabar bolan batareýa zawodyny gurar. Elektroulaglar üçin batareýa öndürjek önümçilik desgasynyň 2026-njy ýylda işe giriziljekdigi mälim edildi. Nemes brendiniň Biznes ösüş bölüminiň ýolbaşçysy Tomas Şmall elektroulag bazarynda bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak üçin Ispaniýadaky awtoulag önümçiliginde netijeliligi ýokarlandyrmak isleýändiklerini mälim etdi. Kompaniýanyň Germaniýanyň daşynda ilkinji zawody boljak bu önümçilik desgasynyň Walensiýada guruljakdygy mälim edildi. Täze desgada üç müň adam zähmet çeker.
Kompaniýa mundan ozal elektroulag tehnologiýasyny işläp taýýarlamak üçin geljek 5 ýylyň dowamynda 52 milliard ýewro maýa goýum özleşdirjekdigini mälim edipdi.
Şamuhammet Kurbanow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby