Kino sungatynyň meşhur ýyldyzlaryndan, italiýaly tanymal aktrisa Klaudia Kardinale Parižiň golaýynda ýerleşýän Nemurdaky öýünde 87 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 1938-nji ýylyň 15-nji awgustynda Tunisiň La Gulett (Halk el-Wad) şäherinde dünýä inen Kardinaleniň (doly ady Klod Žosefin Roz “Klaudia” Kardinale) kakasy italýan, ejesiniň asly fransuz bolup, ol 1958-nji ýylda kino sungatyna aralaşýar. Fransiýaly meşhur aktrisa Brigitte Bardo bilen 1960-njy ýyllaryň meşhur ýyldyzyna öwrülen Kardinale “Goha” (1958) filmde ilkinji keşbini janlandyrýar.

“Rimdäki 3 keseki” (Tre straniere a Roma, 1958), “Rokko we onuň erkek dogany” (Rocco e i suoi fratelli, 1960), “Kartuş” (Cartouche, 1962), “Geçigaňlaň” (Il Gattopardo, 1963), “Gülgün pantera” (The Pink Panthera, 1963), Sekiz ýarym” (8½, 1963), “Bir wagtlar Günbatarda” (C’era una volta il West, 1968), “Fitskarraldo” (Fitzcarraldo, 1982) ýaly birnäçe ilhalar filmlerde dürli keşpleri ýerine ýetirýär.

Aktrisa soňky gezek 2022-nji ýylda “Bagyşlanma adasy” filminde surata düşýär. Hem Italiýanyň, hem-de Fransiýanyň raýaty bolan aktrisa ÝUNESKO-nyň hoşniýetlilik ilçisi hökmünde ynsanperwer çärelere işjeň gatnaşýar. Italiýada hem-de Fransiýada resmi ordenleriň birnäçesiniň eýesi bolan Kardinale 1966-1975-nji ýyllar aralygynda prodýuser Franko Kristaldi, 1975-2017-nji ýyllar aralygynda-da režissýor Paskual Skitieri bilen bile ýaşaşýar. Aktrisa 1993-nji ýylda Wenesiýada hem-de 2002-nji ýylda Berlinde film festiwallaryň çäginde hormat sylaglary gowşurylýar.