Italiýaly meşhur hüjümçi Çiro Immobile karýerasyny Fransiýada dowam eder. 35 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy paýtagtyň adybir topary “Pariž FK” bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Möwsümiň birinji ýarymyny “Bolonýada” oýnan Immobile “Parižde” ýene bir ýyl oýnamak mümkinçiligi hem bar. Ýurdunda “Ýuwentus”, “Siena”, “Grosseto”, “Peskara”, “Jenoa”, “Torino”, “Lasio”, “Bolonýa”, şol sanda “Borussiýa Dortmund”, “Sewilýa”, “Beşiktaş” ýaly klublaryň hem köýnekçesini geýen Immobileniň 586 oýunda 304 goly bar.