“Italýan tagamlarynyň hepdeligi” – tutuş dünýäde giňden bellenilýän Italiýanyň aşhana medeniýetine bagyşlanan halkara çäreleriň biridir. Her ýyl noýabr aýynda guralýan bu çärä tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem bellenilip geçilýär.
Üstümizdäki ýylda “Italýan tagamlarynyň hepdeligi” 10-njy gezek geçirilip, ol “Italýan aşhanasynda saglyk, medeniýet we innowasiýa” şygary astynda geçirilýär.
Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem bu baýramçylyk goşulyp, her ýyl “Italýan tagamlarynyň hepdeligini” guraýar. 2025-nji ýylda bu hepdelik paýtagtymyz Aşgabatdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezindäki “Lawka” restorany bilen guraldy.
Hepdeligiň çäginde “Lawka” restoranynda geçirilen dabarada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari çykyş edip, her ýyl geçirilýän bu çäreleriň maksadynyň italýan tagamlaryny dünýäde giňden wagyz etmekden ybaratdygyny belläp, üstümizdäki ýylda “Italýan tagamlarynyň hepdeliginiň” saglyk bilen baglanyşdyrylandygy, munuň hem sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýetli bolup durýandygy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Şu ýylyň 24-28-nji noýabry aralygynda geçirilen hepdeligiň çäklerinde italiýaly meşhur aşpezler Edoardo Kartokki we Klaudia Fabiani Aşgabatda birnäçe çäreler geçirip, dürli italýan tagamlaryny taýýarlamak üçin ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Oňa paýtagtymyzdaky myhmanhanalaryň hem-de restoranlaryň tejribeli aşpezleri gatnaşdy. Şeýle hem tagam taýýarlamaga isleg bildirýänler üçin bu ussatlyk sapaklary örän uly ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, hepdeligiň çäklerinde çagyrylan myhmanlar üçin Italiýanyň meşhur tagamlary hödürlenip, ýörite agşamlyk nahar çäreleri guraldy.
Ýurdumyzda diňe tagamlaryň hepdeli däl, eýsem, medeni çäreleriň hem geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.