Iýmit we aşpezçilik sungaty, restoran hyzmatlary dünýäde iň köp üns berilýän ugurlar bolup, soňky ýyllarda müşderiniň syn etmeginde nahar taýýarlap bermek hyzmatlary ýola goýulýar. Dünýäde italýan, hytaý, meksikan, ýapon, fransuz we türk aşhanalary öňdeligi eýeleýär. Gazetimiziň şu sanynda ilkinji restoranlar, sargyt esasynda iýmit eltip bermek hyzmaty, meşhur tagamlar, işdäaçarlar hem-de dünýäde iň köp iýilýän iýmitler barada gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Iň gadymy restoran
Dünýädäki üznüksiz işleýän ilkinji restoran Ispaniýanyň Madrid şäherindäki «Sobrino de Botin» bolup, 1725-nji ýylda açylýar. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň gadymy restoran ilkibaşda myhmanhana bolup, syýahatçylar odun peçde öz naharyny bişirip iýipdirler. Häzirki wagtda hem işleýän bu restoranda kastiliýa tagamlary taýýarlanylýar. Gyzyl kerpiçden gurlan 3 gatly restoranyň müşderileriniň yzy üzülmeýär. «Sobrino de Botin» restoranyndan başga-da, 1750-1800-nji ýyllarda Parižde, Rimde, Madridde we Hytaýda köpçülikleýin naharlanylýan ýerler açylýar.
Sezar işdäaçary
Sezar dünýäde iň köp iýilýän işdäaçar hasaplanýar. Özboluşly tagamy bolan bu işdäaçar Meksika göçüp baran italýan Sezar Kardini tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Işdäaçaryň asyl nusgasyna gaýnadylan ýumurtga, kakadylan çörek, rim kelem ýapragy, parmezan peýniri, wusters hurşy, külke balyk, sarymsak, gorçisa, zeýtun ýagy, limonyň suwy we gara burç goşulyp taýýarlanylýar. Sezardan başga-da, koulslou, grek işdäaçary, kobb işdäaçary dünýäde iň köp iýilýän işdäaçarlar hasaplanýar.
Kim nämäni köp iýýär?!
Tüwi dünýäde iň köp iýilýän iýmit bolup, ondan soňra towuk eti, ýumurtga, çörek, balyk, ýeralma, süýt, alma, aş önümleri, gök-bakja önümleri we däneli iýmitler gelýär. ABŞ, Awstraliýa we Argentina adam başyna düşýän eti iň köp sarp edýän ýurtlar bolup, Ýaponiýa iň köp balyk we deňiz önümlerini iýýän ýurt hasaplanýar. Hindistan adam başyna iň az et sarp edýän ýurt bolup, hindileriň käbir taýpasy et iýýär. Hytaýlylar tüwini iň köp iýýän halk bolup, ondan soňra hindiler gelýär. Meksika we Ýaponiýa iň köp ýumurtga iýýän ýurtlardyr. Bu ýurtlarda adam başyna her ýyl ortaça 320-337 ýumurtga düşýär. Finlýandiýa süýt önümlerini has köp iýýändigi bilen tapawutlanýar. Belarus, Ukraina we Gyrgyzystan ýaly ýurtlar bolsa, ýeralmany has köp sarp edýärler. Dünýäde her ýyl 4 milliard tonna töweregi iýmit iýilýär.
Ilkinji eltip bermek hyzmaty
Ilkinji iýmit eltip bermek hyzmaty 1768-nji ýylda Koreýada ýola goýulýar. Koreýler nenmýon (sowuk çorba) atly milli naharyny tiz wagtda sargyt edilen ýere eltip bermek üçin aşpezleriň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Gyşyna iýilýän bu nahara hyýar, turp, koreý armydy, dilimlenen sygyr eti hem-de uzyn spagetti (aş) goşulypdyr. Aşpez ýany bilen bişirilen bu önümleri aýratynlykda alyp gaýdypdyr we ýangbanlaryň (dolandyryjy gatlak) öýüne baryp, çorbaly ýa-da çorbasyz görnüşde taýýarlap beripdir. 1889-njy ýylda Italiýada pizza eltip bermek hyzmaty ýola goýulýar. Şol ýyllar pizzaçy Raffaele Espozito patyşa maşgalasyna sargyt edilen pizzalary eltip beripdir. 1890-njy ýyllarda Hindistanda hem bişirilen nahary gutulara salyp, işçilere eltip bermek hyzmaty ýola goýulýar. Nahar eltip berýän ilkinji restoran Los-Anjelesde açylýar. Kin-Çu kafesi 1922-nji ýylda günortana çenli hytaý tagamlaryny eltip bermek hyzmatyny ýola goýýar. Häzirki wagtda uly restoranlardyr söwda merkezlerinden başlap, kiçijik dükanlara çenli eltip bermek hyzmaty amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda eltip bermek hyzmatynda dronlardan hem peýdalanylyp başlandy.
PDF









