Iýul aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, iýul aýynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 20-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.