Köp adamly ýerlerde goýulýan kameralary bilen meşhur bolan Singapurda howpsuzlyk kameralarynyň sanynyň 200 müňe ýetirilmegi meýilleşdirýär. Öňdebaryjy sensorlar, 360 derejeli IR we alagaraňkyda işleýän kameralar, şeýle hem pyýadalara, ulaglara we pyýada geçelgelerinde hüşgär bolmak üçin ösen emeli aňly tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan “Xavier” atly robotlar Singapuryň iň köp ilatly ýerlerinden biri bolan “Toa Payoh Central”- a “gözegçilik eder”. Bu robotlar adamlaryň COVID-19 we beýleki keselleriň ýokanjyndan goramaga degişli düzgünleriň berjaý edilişine sereder. Şol bir wagtyň özünde, bu robot gadagan ýerlerde çilim çekilmegi, ulaglaryň we welosipedleriň nädogry ýere goýulmagy ýaly düzgün bozulmalarynyň hem öňüni alar.