Fransuz moda öýi “Hermès”-iň 40 ýyl ozal fransuz-iňlis aktrisasy Jeýn Birkin (1946-2023) üçin ýörite öndürilen sumkasy Pariždäki auksionda rekord mukdarda satyldy. Bu barada BFMTV teleýaýlymy “Sotheby’s” auksion öýüne salgylanyp habar berdi. 1984-nji ýylda elde ýasalan sumka 8,6 million ýewro bahadan satyldy. Auksionda “Birkin” sumkasynyň başlangyç bahasy 1 million ýewro boldy, ýöne soňra bahalar birnäçe esse ýokarlandy.