12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­lar­da pag­ta ýy­gy­my­nyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek, pag­ta ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak we döw­let har­ma­ny­na tab­şyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýy­gym möw­sü­min­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ry hem-de ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­ny ne­ti­je­li iş­let­mek üçin ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär.
Bu iş­ler bi­len bir ha­tar­da, we­la­ýat­lar­da bug­daý eki­şi do­wam edip, bu ugur­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry do­ly güý­jün­de iş­le­dil­ýär. Ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da gö­ge­riş su­wy tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, we­la­ýat­la­ryň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da güýz­lük ýe­ral­ma, gök-bak­ja we beý­le­ki azyk­lyk ekin­le­re ideg et­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­nap al­mak hem-de ila­ta ýe­tir­mek iş­le­ri ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem hä­kim­ler şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­me­giň, bug­daý eki­şi­ni ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we hä­kim­le­re bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, ýyg­na­lan ha­sy­ly pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da we ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da bök­denç­siz ka­bul et­mek hem-de gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz bo­ýun­ça bug­daý eki­şi do­wam edip, ekiş möw­sü­mi­ni bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de we ta­la­ba­la­ýyk ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da gö­ge­riş su­wy tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ila­ty­my­zy ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len bo­le­lin üp­jün et­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ryn­dan ugur al­nyp, we­la­ýat­lar­da güýz­lük eki­len azyk­lyk ekin­le­riň ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak hem-de bu önüm­ler bi­len içer­ki ba­zar­la­ry üp­jün et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň Da­şo­guz hem-de Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da şa­ly ora­gy do­wam edip, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da bol­sa gant şu­gun­dy­ry eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň, hu­su­san-da, pag­ta ýy­gy­my­nyň we bug­daý eki­şi­niň öz wag­tyn­da hem-de ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we wi­se-prem­ýe­re ýur­du­myz bo­ýun­ça bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da jo­gap­kär­li möw­sü­miň – pag­ta ýy­gy­my­nyň hem-de bug­daý eki­şi­niň do­wam ed­ýän­di­gi­ne ýe­ne-de bir ge­zek ün­si çek­di we ýy­gy­myň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­me­gi, ha­sy­ly gys­ga wagt­da we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak üçin äh­li ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi, bug­daý eki­şi­niň bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi­ni, bu iş­ler­de oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.