Tennis boýunça Monakoda geçirilen “Monte-Karlo Masters” ýaryşynda italiýaly Ýannik Sinner ýeňiş gazandy. Ol finalda geçen ýylyň çempiony ispaniýaly Karlos Alkarasy 7:6 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, Sinner Monte-Karlodaky ilkinji, umumylykda-da 8-nji “Masters” ýaryşlarynyň çempionlygyny gazandy. Italiýaly tennisçi “ATP 1000” ýaryşlarynda yzly-yzyna 4 çempionlyk gazanan 3-nji tennisçi bolmagy başardy. Sinnerden öň Nowak Jokowiç bilen Rafael Nadal yzly-yzyna 4 “Masters” ýaryşynda çempionlyk gazanypdy. Sinner geçen möwsümde “Pariž Masters”, bu möwsümde bolsa “Indian Wells”, “Maýami Açyk” ýaryşlaryndan soň,” Monte-Karlo Masters”-de hem kubogy eýeledi.

Alkaras uly ýaryşlaryň finalynda Sinnerden 2-nji gezek asgyn geldi.