ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni Ak tamda duşuşyp, ABŞ bilen Ýewropa Bileleşiginiň söwda meseleleri barada ylalaşyk gazanyp biljekdigine ynam bildirdiler. Meloni Waşingtony “ygtybarly hyzmatdaş” diýip baha berdi. Ol Trampyň ýakyn wagtda Rime baryp görmek baradaky çakylygyny kabul edendigini we beýleki Ýewropa liderleri bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
– Biziň käbir meseleler babatda kynçylyklarymyz bar bolsa-da, duşuşmagyň we çözgüt tapmagyň wagty geldi – diýip, Italiýanyň Premýer-ministri belledi.
Sagçy populist garaýyşlara eýe Jorja Meloni, immigrasiýa syýasaty ýaly köp meselelerde Donald Trampyň garaýyşlaryna eýerýändigini aýtdy. – Meniň maksadym Günbatary ýene-de beýik etmek we men muny bilelikde edip bileris diýip pikir edýärin – diýip, Meloni belledi.
Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ak Tamda geçirilen duşuşygyndan soň ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D.Wens Rime sapar etdi. Wens Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşandan soň 20-nji aprelde Watikanda Pasha baýramçylygyna gatnaşar we Rim papasy Fransiska bilen duşuşmagy meýilleşdirýär.